Ol Gürgen derýasynyň boýunda, Kümmethowuzdan gündogarda Hajygowşan obasynda Döwletmemmet Azady ýaly ulamanyň maşgalasynda dogulýar. Köpdoganyňbiribuoglanatasy Azadydan ylym we edep alýar; arap, pars we gadymky türk dilini öwrenýär. Soň Hywada, Şirgazy medresesinde okaýar, Rabguzy, Ýunus, Emre, Sagdy, Rumy we Hafyz ýaly ussatlary özleşdirýär. Pyragy lakamynda şygyrlar tejribe edýär. Nedir şa, Ahmet şa Dürrany, Agamuhammet şa Gajar ýaly hökümdarlaryň syýasat we hereketlerinden maglumatly, "Diwany" juda meşhur — onuň mälim bolan 700 şygryndan 200 takmyny halk aýdymy. Derýa taşlanan "Diwanyndan" derek ýok. "Diwanyň" göçürme nusgalary Moskwada, Wengriýada, Leningrad-da, Daşkentde, Bakuda, has köpüsi Aşgabatda saklanýar. Magtymguly milli türkmen edebiýatyny esaslandyryjy. Her türkmen ony öz edebi atasy saýýar, pähimiň we çeperçiligiň elýetmez nusgasy diýip tanaýar. Magtymguly hakda roman, drama, kino döredildi, onuň portreti çekildi. Aşgabadyň baş köçesine we Türkmen döwlet uniwersitetine Magtymgulynyň ady berildi. Magtymguly bizde söz sungatynyň seresi hem ölçegi.

Tejen Nepesow